Biziň ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, keseliň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar.
Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylyp, saglygy goraýyş ulgamy hil we maddy-enjamlaýyn taýdan has-da kämilleşdirilýär. Bu babatda ýurdumyzyň mynasyp bolan halkara güwänamalary Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.