Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda häzirki wagtda daşky gurşawy goramak ulgamynda gadymdan gelýän milli ýörelgeleriň täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigi bellenilýär.
Halkymyzyň ekologik taýdan arassa gurşawda abadan durmuşyny üpjün etmek babatda döredilýän şertler Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamaga, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşdyrylmagyna, onuň ylmy esasda giňden öwrenilmegine ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynda hem-de Milli tokaý maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar, Watanymyz bagy-bossanlyga öwrülýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň bellenilmegi ýurdumyzyň ekologiýa strategiýasy babatda hem möhüm bolup, ol BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň açylmagyna, tebigaty goraýyş ulgamynda wajyp wezipeleri çözmekde halkara bileleşigiň tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilendir.