Galla oragy — jogapkärli möwsüm

5 Iýun 2024
873

Bosagada — galla oragy möwsümi. Oba hojalygyndaky möhüm we jogapkärli möwsüme Ahal welaýatynda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyndan ugur alnyp, welaýatda möwsüme taýýarlykly başlamak, bökdençsiz alyp barmak we ýetişdirilen hasyly gysga möhletde ýitgisiz ýygnamak boýunça guramaçylyk işlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ekerançylygyň mekany bolan gadymy Ahal ýaýlasynyň ak ekin ussatlary üstümizdäki ýylyň hasyly üçin 195 müň gektarda ýetişdirilen guşgursak bugdaýyň ýokary hasylyny almak ugrunda yhlasly zähmet çekip gelýärler. Olaryň baş maksady şol ýerden dokmaňyz dänäniň 400 müň tonnasyny almakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, şu günler ekiniň ahyrky ideg işlerini alyp barýan welaýatyň janypkeş daýhanlary öňdäki gaýragoýulmasyz işe — galla oragyna taýýarlygy birjik-de ünsden düşürmeýärler.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).