Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024—2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» biotehnologiýa ylmyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Biotehnologiýa täze, uly geljegi bolan ylymdyr. Ol maldarçylyk pudagynda biologiki işleri ulanmakdyr.
Biotehnologiýa önümçilik we dürli önümleri, şol sanda ykdysady taýdan peýdaly mallaryň tohumlaryny döretmek üçin bedenleri we biologiki işleri ulanylýan senagat usullarynyň jemidir. Onuň esasy maksady ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Maldarçylykda ol, esasan-da, köp önüm berýän mallaryň genofonduny ýüze çykarmakda peýdalanylýar. Bu ylmyň önümi oba hojalygyna zerur bolan biologiki işjeň maddalary mikrobedenjikler tarapyndan döredilýär. Mikrobedenjikler bolsa öz gezeginde oba hojalyk mallaryny iýmitlendirmekde gerek bolan çalşyp bolmaýan aminokislotalary döredýär.