Welosiped sürmek aýaklarymyzyň myşsalaryny berkitmäge ýardam edýär we çydamlylygyny artdyrýar, ýürek-damar, dem alyş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Beýnidäki we beýleki agzalardaky öýjüklere barýan gany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Şeýlelikde, immunitetiň berkemegine peýda edýär.
Welosiped sürmek gan damarlarynyň warikoz keselinden ejir çekýänler üçin hem örän peýdalydyr. Aýaklaryň pedalda hereketde bolmagy damarlarda gan aýlanyşyň tizleşmegine, mikrosirkulýasiýanyň gowulanmagyna, westibulýar apparatyň türgenleşmegine, kiçi çanaklykda gan bilen üpjünçiligiň kadalaşmagyna itergi berýär. Bu erkeklerde köp duşýan adenomanyň öňüni almagyň iň ygtybarly serişdeleriniň biridir.