Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdik. Oňa saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaramaz endiklere garşy göreş çäreleri alnyp barylýar. Şeýle çäreler jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaşlaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyny gazanmak ýaly işler bilen utgaşdyrylýar. Çilimkeşlige garşy göreşmek, ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak barada maksatnamalaryň, kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak meselesiniň ileri tutulýandygynyň subutnamasydyr.