Sag­dyn kö­şek­ler ös­dü­ri­me goý­be­ril­di

28 Maý 2024
834

Süý­di, ça­ly, aga­ra­ny der­de der­man, ýü­ňi mu­kad­des sa­ýyl­ýan, «Dü­ýe ma­ly — dün­ýe ma­ly» diý­lip apa­la­nyl­ýan dü­ýe­le­riň baş sa­ny­ny art­dyr­mak me­se­le­si­ne Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de uly üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk se­na­ga­ty döw­let bir­le­şi­gi­niň Ma­ry we­la­ýat mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk se­na­ga­ty önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň Sa­kar­çä­ge et­ra­byn­da­ky «Sa­kar­çä­ge» mal­dar­çy­lyk ho­ja­ly­gy­nyň ag­zy­bir sar­wan­la­ry dü­ýe­le­riň ýy­lyň dört pas­lyn­da-da or­ta we ýo­ka­ry se­miz­lik­de sak­la­nyl­ma­gy, ýy­lyň-ýy­ly­na ýüz­ler­çe sag­dyn kö­şek­le­riň al­nyp, ös­dü­ri­me goý­be­ril­me­gi üçin yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler.

Hä­zir­ki wagt­da baş sa­ny 3 müň 700-den ge­çen dü­ýe­le­ri öz işi­ne yh­las­ly ço­pan to­par­la­ry­nyň 21-si ala­da bi­len gur­şa­ýarlar. «Şyh­man­sur», «Han­gu­ýy», «Ga­lan­dar» ýa­ly dü­ýe ma­ly­nyň uly hö­wes bi­len iý­ýän bol ot-çöp­li ýaý­la­la­ryn­da ba­kyl­ýan mal­lar öz sar­wan­la­ry­ny dil­gir et­me­ýär­ler. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne ýy­lyň-ýy­ly­na kö­şek al­mak möw­sü­mi­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk­ly gar­şy­lap, üs­tün­lik­li jem­le­ýän mal­dar­la­ryň Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­lyn­da ga­za­nan gör­ke­zi­ji­le­ri hem aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­ýar. Şu ýyl­ky kö­şek al­mak möw­sü­min­de 741 sa­ny sag­dyn kö­şek alyp, ola­ry ös­dü­rü­me goý­be­ren sar­wan­lar çe­ken zäh­met­le­ri­niň ýe­ri­ne dü­şen­di­gi­ne be­gen­ýär­ler.

Gur­ban­dur­dy MA­WY­ÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Sa­kar­çä­ge et­rap ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy.