Oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, olaryň hilini ýokarlandyrmak bütin ýylyň dowamynda ekin meýdanlarynda geçirilýän işleriň hiline we öz wagtynda ýerine ýetirilişine bagly bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin döredilýän mümkinçilikler, satyn alynýan kuwwatly tehnikalar, oba hojalyk gurallary, dökünler her möwsüme mahsus bolan agrotehniki çäreleri kadalara laýyk geçirmäge mümkinçilik berýär. Ene topragyň berekedini artdyrmak, ondan bol hasyl almak daýhana bagly. Şoňa görä-de, daýhanlar ýeriň sürümini, otagyny wagtly-wagtynda geçirip, hasyllylygyny artdyrmak üçin yhlasly zähmet çekýärler.
Daýhan yhlasy bilen bereket bolçulygy döredilýär. Il-ýurt bähbitli bu işde Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri has-da tutanýerlilik görkezýärler. Muňa hojalygyň 6-njy kärendeçiler toparynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu topara köp ýyldan bäri tejribeli daýhan Hemra Jumaýew ýolbaşçylyk edip gelýär. Şol döwrüň içinde toparyň agzalarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etmedik ýyly ýok.