Möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär

22 Maý 2024
807

Bol hasylyň aladasy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk ulgamyny düýpli galkynyşa eýe edýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp zähmet çekýän welaýatymyzyň kärendeçileri, mülkdarlary öňde duran galla oragyna ykjam taýýarlyk görýärler. Welaýatymyzyň ekerançylary geçen ýylyň güýzünde 50 müň gektar meýdana bugdaý ekip, dänäniň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olar üstümizdäki ýylda şonça meýdandan 80 müň tonna galla hasylyny almagy maksat edinýärler. Idegi ýetirilýän bugdaýly meýdanlar daýhan azabynyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

Muhammetgylyç Tagangylyjow, «Balkan».
Surata düşüren Guwanç Agamämmedow.