Lebaply ýüpekçileriň uly zähmet ýeňşi

22 Maý 2024
793

Welaýatymyzyň ýüpekçileri döwlete pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaýyn borçnamalaryny 18-nji maýda goşa baýramyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaraly bellenilýän şanly senesine gabatlap, üstünlikli berjaý edendikleri barada buýsanç bilen habar berdiler. Ýurdumyzyň kümüşsöw çäjine 1047 tonnadan gowrak Lebap pilesi goşant edildi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba zähmetkeşlerine yzygiderli edýän hemaýat-goldawlarynyň we döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde pile tabşyrmak möwsümi uly ruhubelentlik bilen dowam edilýär.

Ilmyrat DÖWLETOW.