Berk ynam we belent ruh bilen

22 Maý 2024
701

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan oba hojalyk pudagynyň ösüşine aýratyn uly üns berilýär.

Obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki binýadyny ýokarlandyrmaga we oba hojalyk ekinlerini mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatyny kuwwatlandyrmaga iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýylyň-ýylyna daşary ýurtlardan täze, döwrebap traktorlar, kombaýnlar we beýleki oba hojalyk tehnikalarydyr gurallary satyn alynýar. Bu bolsa zähmetkeş daýhanlaryň işlerini has-da ýeňilleşdirip, olaryň ene ýerden bol hasyl almaklaryna uly itergi berýär.

Bossan JUMAÝEWA,
«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.