Bagtyýar nesil – ýurduň röwşen geljegi

20 Maý 2024
593

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hil taýdan ýokary derejesini üpjün edýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Elbetde, jemgyýetimiziň umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy netijesinde, özbaşdak işleri guramakda, sapaklaryň dürli görnüşleri ulanylýar. Bu tehnologiýalaryň öwrediji oýunlary ulanmakda hem peýdasy uludyr. Çaganyň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin sanly bilim serişdelerine uly orun degişlidir.

Gülendam SEÝIDOWA,
Çärjew etrabynyň 11-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.