«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak piläni bol kemala getirip, bu gün arzyly sepgidi eýelän Lebap welaýatynyň ýüpekçileri uly zähmet ýeňşini gazandylar. Watanyň pile çäjine 1010 tonnadan gowrak ýokary hilli pile goşmagy başaran gaýratly ýüpekçiler beren sözlerinde abraý bilen tapyldylar. Bary-ýogy bir aýdan sähel gowrak wagta çeken ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi örän gyzgalaňly geçdi. Ýüpekçiler möwsümiň ilkinji gününden uly aladalar bilen gurşalyp alyndy. Olara ähli babatda degişli kömek-goldaw berildi. Gurçugyň esasy iýmiti tut ýapraklarynyň ýeterlik bolmagy üçin öňki we täze ekilen tut agaçlarynyň irgözinden düýbi ýumşadylyp, dökünläp suwarmak ýaly işler geçirildi. Aýratyn-da, ekerançylyk meýdanlarynyň gyrasyndaky agaçlara şol ýerlere eýelik edýän kärendeçileriň kömegi bilen gowy ideg edildi. Ine, şeýle aladalaryň, galyberse-de, yzygiderli ýagan ýagyş-ýagmyryň netijesinde, tut agaçlary gowy ýapraklady. Welaýatyň gündogar sebitinde tut ýapraklary has ir ýetişdi. Bu bolsa Kerki, Köýtendag, Halaç etraplarynyň ýüpekçilerine gurçugy irki möhletlerde idedip başlamaga mümkinçilik berdi. Şunuň hasabyna kerkili ýüpekçiler bu baradaky meýilnamasyny welaýatda ilkinji bolup ýerine ýetirip, 85 tonnadan gowrak pile taýýarlady. Goňşularynyň yzysüre Halaç etrabynyň ýüpekçilerem 147 tonna pile alyp, öňdebaryjylaryň hataryna goşuldy. Etrabyň «Çohpetde», Jumaguly Mähremow, Magtymguly, Ärsarybaba adyndaky daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri aýratyn tapawutlanyp, olaryň her biri 100 kilogramdan geçirip pile aldy. Aýry-aýry ýüpekçiler möwsümde ýanyna goşmaça kömekçi alyp, 500 — 600 kilograma çenli pile öndürmegi başardylar. Olardan Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginden Tawus Allaberdiýewa 620 kilogram, Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginden Annagül Penjiýewa 380 kilogram, Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginden Rozygeldi Akyýew 434 kilogram pile taýýarlap, obadaşlaryna görelde boldular.