Akyldar şahyryň döredijiligine belent sarpa

21 Maý 2024
920

21-nji maýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu täze kitap ähli döredijilik, medeniýet işgärlerinde, ýazyjydyr şahyrlarda buýsanç duýgusyny döretdi. Munuň özi halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly orny eýeleýär. Dabara bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly edebi çykyşlar bolsa bu dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda geçirilen dabaranyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini aýratyn bellediler. «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimiz üçin uly terbiýeçilik hem-de öwredijilik ähmiýetiniň ýokarydygy bellenildi. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň, meşhur alymlarynyň we ýazyjydyr şahyrlarynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek hem-de ony giňden wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtalyp geçildi.

«Mugallymlar gazeti».