«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi milletimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarynyň ileri tutulýandygyny şöhlelendirýär. Şol gymmatlyklar bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň taryhyny, medeniýetiniň ösüşini kesgitleýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda dürli medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu günler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Onuň türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Munuň özi beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsanyýetiň kalbynda baky orun aldy.