Berkarar Diýar, ajaýyp döwür wasp edildi

21 Maý 2024
818

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen bäsleşik aýdym-saz sungatyna höwesli, zehinli ýaşlaryň barha artýandygyny ýene bir gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Bäsleşige gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini, gözel Diýarymyzy wasp edýän aýdymlary, şeýle-de türkmen halk aýdymlaryny belent joşgunda ýerine ýetirdiler.