Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeginde beýik söz ussadynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabaralaryna gabatlanyp, ýurdumyzyň teatrlarynda, kinokonsert merkezlerinde, kinoteatrlarynda hem-de sirklerinde sahna oýunlarydyr sirk tomaşalarynyň hem-de filmleriň görkezilişi boldy.
Baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry Türkmenistanyň halk ýazyjysy G.Daňatarowyň «Magtymguly — köňül guşy» atly sahna oýny bilen gapylaryny giňden açdy. Bu sahna oýnunda şahyryň pederi Döwletmämmet Azady, ruhy halypasy Nagyşbendi, dosty Durdy şahyr, şeýle hem Meňli bilen aýdyşyklary hem-de şol döwrüň çylşyrymly wakalarynyň jümmüşinde söz ussadynyň halkyň ruhy şamçyragyna öwrülen şygyrlary tomaşaçylarda watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, maşgala mukaddesligine, söýgä wepadarlyk ýaly beýik adamçylyk duýgularyny joşdurdy.