«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024
Bedenterbiýe we sport sagdynlygyň gözbaşydyr. Bedeni berkitmek adam saglygy üçin örän möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Bedeni berkitmek üçin bolsa bedenterbiýe, sport we zähmet bilen meşgullanmak wajypdyr. Sport bilen meşgullanmak adamyň daşky täsirlere garşy daýanç ulgamyny taplaýar. Mundan başga-da, sportuň adamyň nerw ulgamyny we beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýandygy ylmy taýdan subut edilendir. Hakykatdan hem, saglygy saklamakda, saglygyňy berkitmekde sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýeti örän uludyr. Beden sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, ýagny baş hazynasydyr. Beýik akyldar Magtymguly Pyragy hem «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun…» diýmek bilen, jan saglygyň ähli zatdan ileridigini ündeýär.