Halkara teatr festiwalyndaky ýeňiş

16 Maý 2024
737

Türkmen döwlet gurjak teatry Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen 19-njy «Kiçijik hanymlar, kiçijik jenaplar» atly halkara teatr festiwalynyň kubogyna hem-de diplomyna mynasyp boldy. Festiwala 8 döwletiň, ýagny Türkmenistanyň, Ispaniýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Kubanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, şeýle hem Türkiýäniň teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Baky rowaýatlar» atly oýunda Seýit Jemaleddiniň ýadygärligi bilen bagly rowaýat janlandyrylýar. Sahnada ahalteke bedewiniň, edermen alabaýyň we beýleki milli gymmatlyklarymyzyň çeper keşpleri görkezildi. Türkmen halysy, şaý-sepleri görkezilip, dutaryň ajaýyp owazy ýaňlandy. Türkiýe Respublikasynyň Döwlet teatrlarynyň baş müdirliginiň Ankara şäherindäki sahnasynda köpçülige ýetirilen çykyş tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine hem-de ussatlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.