Düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň sungat älemindäki orny» atly amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Onda akyldar şahyrymyza bagyşlanan eserler ýaýbaňlandyrylyp, sergä gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimiziň, sungatymyzyň özboluşlylygyny açyp görkezmekde we nesillere ýetirmekde uly işleri alyp barýan sungat ojaklarynyň biri-de, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýidir. Bu ýerde guralan sungat eserleriniň sergisi hem özüniň ajaýyplygy bilen tapawutlandy. Sergide keramika heýkelleriniň 30-a, nakgaşçylyk işleriniň hem 80-e golaýy görkezildi. Hususan-da, görnükli suratkeşler A.Hajyýewiň, B.Çaryýewiň, M.Gylyjowyň, R.Umarowyň, S.Meredowyň, G.Goçmyradowyň, G.Rozygulowanyň, O.Babaýewanyň döreden işlerini myhmanlar uly gyzyklanma bilen synladylar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň zehinli talyplarynyň eserleri hem bu ýere gelenleri biparh goýmady.