Bahar pasly bu barlyga özgerdiji täsirini ýetirýär. Üstümizdäki ýylyň ýazy bolsa has bereketli geldi: ygal köp ýagdy, howa maýyl boldy. Şahandaz paslyň jadyly demi, ylaýta-da, baglarymyzyň berekede beslenmegine ýardam berdi. Baglarda sahawatly topragymyzyň bezegi bolan datly miweler bolluk bilen ýetişdi. Munuň şeýledigine Tursunbaý Ýusupowyň eýelik edýän miweli bagynda bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik. Ol Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň Isbaz obasynda tejribeli bagban hökmünde tanalýar.
«Bagbany bagyndan tana» diýleni. Her düýbüne yhlas siňdirseň, baglary mähir-muhabbet bilen gurşap alsaň, ol berekedini bolluk bilen eçilýär. Tursunbaýyň eýelik edýän 7 gektar meýdany eýeleýän bagynda erikden başga-da alma, şetdaly, ülje daragtlary hem bol hasyllanýar. Bagban bize bagynda ilkinji bolup erikleriň köpçülikleýin bişip ýetişendigini, indi olary ýygmak we ýerlemek işleri bilen meşgul bolýandygyny gürrüň berdi.