Bäherden etrap hassahanasynda bolup geçen şatlykly waka berkarar Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramak ugrundaky tagallalaryň giň möçberlidigini aýdyňlygy bilen görkezdi.
Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda halkymyzyň bagtyýarlygy, saglygy we rowaçlygy hemme zatdan ileri tutulýar. Şu jähetden, milli saglygy goraýyş ulgamyndaky ýokary hilli ösüşler we sepgitler ýylsaýyn ilerleýär. Şeýle tagallalaryň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky mysaly welaýatymyzyň we Bäherden etrabynyň ýaşaýjylaryny we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini tüýs ýürekden guwandyrdy. Şol gün etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Kämil lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi mynasybetli etrap hassahanasynyň degresi baýramçylyk şatlygy bilen gurşaldy. Oňa ady agzalan Gaznanyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri we başga-da birnäçe myhmanlar gatnaşdy.