Belent maksada eýerip...

14 Maý 2024
762

Ýurdumyzyň dokma senagaty üçin zerur çig mal bolan piläniň öndürilişini artdyrmaga biziň etrabymyzda hem uly üns berilýär. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmagy maksat edinen «Gökçäge» daýhan birleşiginiň ýüpekçi kärendeçileri Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň pileçilik möwsümini ýokary derejede alyp barýarlar. Şu ýyl daýhan birleşigi boýunça 13,5 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda ýüpekçi kärendeçileriň 370-si yhlasly zähmet çekýär.

Daýhan birleşiginiň öňdebaryjy, tejribeli ýüpekçileriniň hatarynda Şükürbaý Mädrimowy, Güýçgeldi Berkeliýewi, Malika Ibragimowany, Bike Amanşirowany görkezmek bolar. Bu kärendeçiler ýüpek gurçuklaryna ideg etmekde köplere görelde bolmagy başarýarlar. Olar häzirki wagtda ýüpek gurçuklaryny tut ýapraklary bilen wagtly-wagtynda iýmitlendirmek, kadaly ýylylykda arassa saklamak ýaly, zerur çärelere aýratyn üns berýärler.

Öwez PALTABAÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy.