Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda täze önümçilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ussat pileçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirmegi üçin döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Zähmetsöýer pileçileriň uly zähmet üstünliklerini şöhratlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylda ýurdumyzda pile möwsümini guramaçylykly geçirmekde ýokary netije gazanýan pileçiler höweslendirilýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň wekilleri etrabyň çägindäki pileçi kärendeçileriň iş ýerlerine aýlanyp, zähmet üstünliginiň gazanylmagyna öz goşantlaryny goşýan, ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmekde hem-de ýokary hilli pile ýygnamakda göreldeli zähmet çekýän Garaşsyzlyk geňeşliginden Hemra Gullyýewe, Bagtyýarlyk şäherçesinden Aýjemal Ataýewa, Ö.Japarow daýhan birleşiginden Maksat Ataýewe Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar. Munuň özi pileçileriň has-da yhlasly işläp, ýokary netijeleri gazanmaga bolan höweslerini artdyrýar.