Begli mugallymyň bagy

14 Maý 2024
930

(Oçerk)

«Görogly» şadessanynda Görogly beg Harmandäli gyzyň çarbagynyň bärräginde düşläp, Gammar bilen Mirem diýen şägirtlerini ugradýandyr: «Baryň, bilip geliň, şo bagyň ne hikmeti bar?» diýip. Oglanlar girseler, görseler, miweler şahada bişip, ýere düşüp, dişläniň agzyňda bal bolup eräp, depesinde guşlar perwaz urup, bilbiller kah-kah saýrap, güller parlap açylyp, suwlar şildiräp akyp, peri-peýkerlere gaýra dur diýdirýän gyzlar saýasynda uz basyp şadyýana ýören.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.