Perzent — maşgalanyň arzuwy, göz guwanjy. Çaganyň sagdyn dünýä inmegi üçin, ilki bilen, enäniň saglygyny goramaly. Hamyla zenan lukmanyň gözegçiliginde bolup, lukman maslahatlaryny doly ýerine ýetirmeli.
Ýaş eneleriň arasynda çaga dogry gözegçilik etmek, dogry iýmitlendirmek, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda almak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek barada lukmanlar tarapyndan yzygiderli düşündiriş işleri geçirilýär. Çaganyň dünýä inmegi, sagdyn ösüp ulalmagy, dogry terbiýe almagy ene-atalaryň öňünde duran borçdur. Ilki bilen, çaganyň ene süýdi bilen iýmitlenmegi zerurdyr. Sebäbi ene süýdüniň çaga üçin uly ähmiýeti bar. Ene süýdi çaga bedeninde ýeňil özleşýär, ýokanç kesellerden goraýar we immun ulgamyny berkidýär. Ene süýdi çaganyň ilkinji alty aýynda hiç zat bilen ornuny tutup bolmajak iýmitdir. Onuň düzüminde körpäniň kadaly ösmegi üçin zerur maddalaryň ählisi ýeterlik mukdarda saklanýar. Alty aýdan bäbegiň hereketi artýar. Oňa witaminler we minerallar köp gerek bolýar. Şol döwürden başlap, körpä goşmaça iýmit berip başlamak maslahat berilýär. Ol çaganyň kadaly ösmegi üçin zerurdyr. Şol bir wagtda ony ene süýdi bilen iýmitlendirmegi hem dowam etmeli.