Ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler bagtyýar halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgularyny oýarýar. Şu bagtyýar döwrümizde alym Arkadagymyzyň: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nurana bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, şu günki kämil türkmen jemgyýetinde has-da rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek barada möhüm işler amala aşyrylýar» diýen parasatly sözleri bu günki gün biziň durmuş ýörelgämize öwrüldi.
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň halkara derejesinde toýlanjak günleriniň öňüsyrasynda şahyryň özboluşly, pähim-paýhasa ýugrulan köp röwüşli edebi mirasynyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendiginiň ýene bir ýola şaýady bolýarsyň. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň milli şahyry bolman, ol dünýä edebiýatyna ummasyz goşant goşan beýik akyldardyr. Akyldaryň döredijiligini dünýä edebiýatyndan, türki halklaryň gadymy edebi däplerinden üzňe göz öňüne getirip bolmaz, çünki şahyr hemişe özünden öňki akyldarlaryň döredijiligini içgin öwrenipdir we olaryň öňe sürýän ynsanperwer ýörelgelerini öz eserlerinde döredijilikli ulanyp, özüniň ölmez-ýitmez eserlerini döredipdir. Akyldar şahyryň ajaýyp eserleri her bir döwürde beýleki ýurtlaryň alymlarynyň hem ünsüni çekipdir. Şonuň üçin hem XVIII-XIX asyrlarda ýewropaly alymlaryň birnäçesi şahyryň goşgulary barada maglumatlary ýazyp galdyrypdyrlar. Şolaryň hatarynda wenger syỷahatçy alymy Arminiý Wamberiniň türkmen topragynda bolup, onuň edebi mirasyny, folkloryny, däp-dessuryny, aýratyn hem, akyldar Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde bize gymmatly maglumatlar goýup gitmegi aýratyn bellärliklidir.