Berkarar döwlet gurmagyň arzuwynda ýaşan watançy şahyryň döredijiliginde Watan waspy onuň ýürek owazy, kalp mukamy bolup ýaňlanýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda juda jaýdar belläp geçýär. Geliň, şol setirlere ünsi çekeliň: «Ömrüň manysy — Watanyň parahatçylygynda. Adamyň ömürboýy edýän yhlasynyň özeninde Watan baradaky alada bar. Watanyň gymmaty ömürboýy eden yhlasyň bilen ölçärden hem ýokardadyr.
Akyldar Magtymguly: