Orta mekdeplerde medeni-miras boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, taryhy enjamlaryň saklanyşy, iş resminamalarynyň talabalaýyk ýöredilişi, olary mundan beýläk-de aýawly saklamaga, goramaga, ýaş nesillerimizde taryhymyza, medeni mirasymyza, milli gymatlyklarymyza bolan hormaty, söýgüni artdyrmak maksady bilen, etrabymyzyň orta mekdeplerinde hereket edýän mekdep muzeýleriniň arasynda «Iň gowy mekdep muzeýi» atly bäsleşik geçirildi. Ol Dänew etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Dänew etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň 2024-nji ýyldaky tassyklanan Düzgünnamasy esasynda geçirilip, düzgünnamanyň şertleri boýunça etrabyň çäginde ýerleşýän orta mekdepleriň muzeýlerine toparyň aýlanyp görmeginde emin agzalary tarapyndan baha berildi.
«Iň gowy mekdep muzeýi» atly bäsleşikde I orna 24-nji orta mekdep, II orna 2-nji orta mekdep, III orna 19-njy orta mekdep mynasyp boldular. Ýeňijiler Dänew etrap bilim bölüminiň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Dänew etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandy.