Şanly günde Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan satyn alnan kämil lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi ýurdumyzda keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden ulanyp, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini, elýeterliligini we hilini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň rowaçlanýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.
Bäherden etrap hassahanasynyň lukmany Altymuhammet Agaýewiň aýdyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatdaky tutumly işleri halkymyzda çäksiz buýsanç döredýär. Etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýanyň «B.Braun» kompaniýasynyň gemodializ enjamlarynyň ikisiniň sowgat berilmegi saglygy goraýyş işgärleriniň buýsanjyny has-da goşalandyrdy. “Dialog+” kysymly emeli böwrek enjamlary häzirki döwrüň ähli talaplaryna doly laýyk gelmek bilen, uly ýaşlylara hem-de çagalara niýetlenendir.