Tebigatyň eçilýän nygmatlarynyň ählisi diýen ýaly, ýerini bilip ulansaň, saglyk üçin peýdalydyr. Hozuň maňzynyň hem adamyň saglygy üçin peýdalydygy gadymy döwürlerden bäri bellidir. Görnükli alym we lukman Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň eserlerinde hem hozuň peýdasy barada aýdylyp, ol hozuň maňzyny zäherlenme zerarly bedene zyýan ýetende ulanmagy maslahat beripdir. Muhammet Hüseýiniň «Melhemler hazynasy» atly eserinde bolsa şeýle diýilýär: «Hoz bedeni ýumşadýar, aşgazanda iýmitiň siňdirilmegine ýardam edýär, beýnini, ýüregi we bagry berkidýär».
Hoz agajynyň ýurdumyzda diňe bir görnüşi duş gelýär. Ol hem grek hozy diýlip atlandyrylýar. Uzak ýaşaýan agaç bolan grek hozy saglyk üçin peýdasynyň köpdügi bilen beýleki hozlardan tapawutlanýar. Onuň düzüminde A, E, B, C, K witaminleri, sink, ýod, demir bardyr. Grek hozy beloga baýdyr, onuň ýagy hem peýdalydyr.