Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda hem möhüm möwsüme — bugdaý oragyna ýokary guramaçylyk ýagdaýynda taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda edýän aladalaryndan we döredýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan babadaýhanlarymyz ýetişdirilýän hasyly ýitgisiz ýygnamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Hemmämiz üçin jogapkärçilikli bolan bu möwsümi agzybirlikde geçirmekde Saýat etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlarynyň hem hyzmaty uludyr. Daýhanlaryň ýakyn ýardamçylaryna öwrülýän sürüjiler şu günlerde etrap boýunça bugdaý ekilen 27766 gektar meýdanyň hasylyny wagtynda ýygnamaga ykjam taýýarlyk görýärler. Ýeri gelende aýtsak, şunça meýdanyň 521,25 gektaryna ýerli tohum, 11778,75 gektaryna bolsa Alekseýiç tohumy ekildi. Häzirki wagtda kombaýnlaryň jemi 49-sy oraga gatnaşmaga doly taýyn edildi. Şeýle-de kärhananyň ussalary tarapyndan ulaglary zerur bolan tehniki şaýlar bilen üpjün etmek boýunça hem bökdençsiz işler alnyp barylýar.