Telekeçiligi düzgünleşdirmegiň hukuk esaslary

9 Maý 2024
1080

Ýurdumyzda telekeçilik işini amala aşyrmaga bolan hukuk kepillikleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 47-nji maddasynda berkidilendir. Esasy Kanunymyzyň bu maddasynda: «Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr» diýlip bellenilýär.

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 2-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, emlägi peýdalanmak, harytlary satmak, işleri ýerine ýetirmek ýa-da şahslara hyzmat etmek arkaly birsyhly peýda almaga gönükdirilen özbaşdak we öz töwekgelligiň bilen amala aşyrylýan iş telekeçilik işi hasaplanýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Raýat kodeksinde fiziki şahslaryň ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanmaga bolan hukuklary kepillendirilýär. «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda telekeçilik düşünjesine kesgitleme berilýär. Bu Kanunyň 1-nji maddasynda: «telekeçilik (hususy iş başyny tutujylyk) — munuň özi raýatlaryň peýda ýa-da girdeji almaga gönükdirilen, öz adyndan hem-de töwekgelçilik edip we emläk jogapkärçiligini öz üstüne alyp ýa-da ýuridik şahsyň — kärhananyň adyndan hem-de emläk jogapkärçiligini onuň öz üstüne alyp amala aşyrýan başlangyçly, özbaşdak işidir, hususy kärhanaçylyk işidir» diýlip bellenilendir. Bu Kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda, fiziki şahslar telekeçiligiň subýektleri hökmünde ykrar edilýärler.

Ymam NAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.