Saglygy, sagdyn durmuşy üpjün etmek üçin bu ugurdaky berilýän maslahatlary pugta berjaý etseňiz, elmydama ruhubelent hem işjeň bolarsyňyz. Saglygy goraýşyň sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerde, smartfonlarda we planşetlerde işläniňizde belli bir wagtda arakesme etmegi unutmaň! Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak has peýdalydyr.
Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen witaminlere baý önümler bilen köpräk iýmitleniň, arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmegi unutmaň! Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanman, lukmanyň maslahatyna eýerseňiz, saglygyňyza zyýan ýetmez. Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda kabul etmegi ýatdan çykarmaň!