Ýagşyny ýatlap

8 Maý 2024
1286

Türkmenistanyň Gahrymany, meşhur opera aýdymçysy Maýa Kulyýewanyň mahmal owazyny kalbyna siňdirmedik ynsan az-az bolsa gerek. Men sungat maşgalasynda kemala gelenimden soň Maýa Kulyýewa, onuň ýanýoldaşy, Türkmenistanyň halk artisti Hojadurdy Annaýew bilen çagalygymdan tanyşdym. Olaryň adamkärçiligini, mähribanlygyny hemişe ýatlaýarys. Biz, köplenç, birek-biregiňkä myhmançylyga barardyk. Sebäbi türkmeniň milli opera sungatyny kämilleşdirmek barada olarda pikir köpdi. Biziň maşgalamyzda on bäş çaga dünýä inipdi. Halypanyň Batyr atly ogly, Mahym atly hem gyzy bardy. Gijelerine spektakllara gitmeli bolanlarynda, olar çagalaryny bizde goýup giderdi, biz olar bilen her dürli oýunlary oýnardyk. Käwagt çagalar bolup, tomaşa eden operalarymyz barada söhbet ederdik.

Bir gezek Mahym:

Maral MÄMMETÝAROWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.