Daşky gurşawyň, tebigatyň abadançylygyny gazanmak halkymyzyň gadymdan gelýän ajaýyp däbi bolup, bu peder ýoluny ynamly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen Garagum sährasynyň ýaraşygy bolan çöl ösümliklerini gorap saklamakda, olary köpeltmekde, ylmy taýdan has içgin öwrenmekde derwaýys işler alnyp barylýar. Halkymyzyň arzylaýan şeýle çöl ösümlikleriniň biri-de sazakdyr. Köpýyllyk ösümlik bolan sazaklar çäge süýşmeginiň öňüni almakda, haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagynda örän uly ähmiýete eýedir.
Çöl şertlerinde ösüp ýetişýän sazagy bu gün ýurdumyzda medeni zolaklara golaý ýerlerde, awtoulag we demir ýollaryna golaý meýdanlarda ösdürip ýetişdirmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ugrundaky çäge süýşýän ýerlerde sazak ekilýän meýdanlary göreniňde, dogrusyny aýtsak, kalbyňy ýakymly duýgy gurşap alýar. Şeýle möhüm hem sogap işe Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň hünärmenleriniň hem saldamly goşant goşýandyklaryny bellemek gerek. Olar her ýyl öz agzalaryna, şeýle hem bag ekmäge isleg bildirýän höwesjeň adamlara bermek üçin pürli we ýaprakly bag nahallarynyň müňlerçe düýbüni taýýarlaýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem tuýanyň we tut nahallarynyň hersinden 50 müň düýbi taýýarlanypdyr. Çöl ösümligi bolan sazak nahallarynyň 10 müň düýbi ösdürilip ýetişdirilipdir. Olar isleg bildirýän edara-kärhanalara hem ekmek üçin paýlanyp berilýär.