Halkymyzyň medeni baýlygy

7 Maý 2024
889

Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge döredýän giň mümkinçilikleri oňyn netijelerini berýär, Watana bolan söýgimizi has-da artdyrýar. Gojaman taryh ak bugdaýyň mekanynyň Türkmenistandygyny subut edýär. Biziň gadymy ata-babalarymyz ak ekini medeniýetleşdirip, ýaşaýşyň zerur şertini we ygtybarly esasyny — çöregi döredipdirler.

Gadymy taryhyň gatlaryny agtarsak, türkmen halkynyň ajaýyp halysy, alabaý iti, saryja goýny, behişdi bedewi hem-de özboluşly medeniýeti bilen meşhur bolandygyna göz ýetirýäris. Mysal üçin, türkmen halysyna gözüň düşenden kalbyň nurlanýar. Onuň her çitiminde türkmen durmuşynyň beýany ýazylandyr. Halyda türkmeniň pähim-paýhasy aň bilen, gözelligi duýgular çogdumy bilen, nepisligi ussatlyk bilen, hili berklik bilen örän sazlaşýandyr. Saryja goýnuň ýüňünden egrilip, tebigy reňkler bilen baýlaşdyrylan bu sungat türkmeni tutuş jahana tanadýandyr.

Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».