söz ussadyna bagyşlanan täze sahna eserleri
Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýakyn günlerde açylmagy meýilleşdirilýän Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň merkezinde beýik söz ussadynyň äpet heýkeli oturdyldy. 41 gektar meýdana ýaýlyp gidýän tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Medeni-seýilgäh toplumyň giň çäkleriniň hem-de ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy we bagy-bossanlyga bürelmegi, suw çüwdürimleriniň, dynç alyş zolaklarynyň, bassyrmalaryň, toplumyň daşky girelgesinde awtoduralgalaryň bolmagy hem-de täze tehnologiýalary we häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly nusgawy şahyryň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirleriniň baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrylýandygy bu täsin tebigatly künjegiň gözel paýtagtymyzyň görküne aýratyn görk goşjakdygyna güwä geçýär.