Sadap dişler — sagdyn dişler

6 Maý 2024
990

Sagdyn dişli bolmak belli bir derejede görk-görmegiň hem eýesi bolmakdyr. Şonuň üçin ak syrça ýaly, gyradeň düzülen dişleri bolan adamlar owadan görünýär. Gadymdan gelýän ruhy gymmatlygymyz bolan halk döredijiliginde-de «sadap dişler», «hünji deýin dişleriň» diýen ýaly sagdyn dişleri wasp edýän jümlelere köp gabat gelýäris.

Çagalykdaky süýt dişleriň düşüp, ýerine täze çykan dişler, ähli synalaryň bolşy ýaly, ýylsaýyn könelip başlaýar. Bu, elbetde, tebigatyň kanuny. Şeýle-de bolsa, biz öz wagtynda aladasyny etsek, dişlerimiziň başky sagdynlygyny, owadanlygyny uzak ýyllaryň dowamynda saklap bileris. Muny her birimiziň başaraýjak iň ýönekeý usullarymyzy gündelik ýerine ýetirmek arkaly gazanyp bolar. Sadap ýaly ak, hünji deý gyradeň düzülen dişleriňiziň garrylyk çagynda-da görküňize görk goşup durmagyny isleseňiz, lukmanlaryň şu maslahatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz:

Hojamämmet JUMAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.