Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Wekilbazar etrabynda hem ýüpek gurçuklaryny idetmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda etrabyň pileçi kärendeçileri ýüpek gurçuklaryna edilýän ideg işlerini ýokary guramaçylykly ýola goýdular. Şu ýyl pileçiler etrapda 19 müň 247 gram, ýagny 1043 ýüpek gurçugyny alyp, meýilnama boýunça 37 tonna pile tabşyrmagy maksat edinýär. Bu gün ýüpek gurçugyndan piläniň bol hasylyny almak ugrunda edilýän aladalar, döredilýän mümkinçilikler edermen pileçi kärendeçileriň ruhuny belende göterýär.
Işlemek üçin ähli şertler döredilen bu ajaýyp döwürde uludan toýlanjak Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylap, döwlet harmanyna ýüpek gurçugyndan bol pile hasylyny tabşyrmak her bir kärendeçiniň esasy maksady bolup durýar.