Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kino režissýorlary hem gatnaşyp, ýörite baýraklara mynasyp boldular.
Iki günläp dowam eden festiwal Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan guraldy. Halkara kinofestiwala dünýäniň 77 ýurdundan jemi 1055 film hödürlenilip, olar 13 ugur boýunça seljerildi. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi halkara festiwala üç sany, ýagny «Ol Rumystany görsem» we «Umyt» atly dokumental filmleri hem-de «Meniň kakam» atly gysga göwrümli filmi hödürledi. Dokumental filmleriň birinjisi şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bolsa, ikinjisinde halkymyzyň milli gymmatlygy bolan dutaryň owazynyň jadylaýjy güýjünden söz açylýar. Festiwalda görkezilen üçünji türkmen filmi durmuş wakalaryna esaslanýar.