Biz şu gürrüňimizde türkmeniň tebigatynyň ýylyň belli bir paslynyň belli bir günlerinde ýylyň-ýylyna gaýtalanyp durýan bir aýratynlygy hakynda aýtmagy göz öňünde tutanam bolsak, onuň hörpi halkymyzyň özi hem milli mirasy hakdaky gürrüňe ýazasy gelip dur.
Hawa, gürrüň öýlänçi hakynda bolar. Aýdym kybap ýaňlanýan bu söze “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” şeýle düşündiriş berilýär: “1.Öýle wagtlary ýagyp, derrew hem diňýän güýçli ýagyş”. Bu sözüň ýene bir manysy bar. Ol günortan başlanýan okuwa, işe we ş.m. gidýänleri aňladýar. Ýöne biziň gürrüňimiz sözüň birinji manysy hakynda.