«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024
Saglygy goramak, bedenterbiýe we sport häzirki türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Çünki ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan ýaşaýşynyň möhüm şertidir. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanda halkymyzyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.