Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen «Ýaşlyk joşguny» atly bäsleşik geçirildi. Oňa welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary hem gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemegi başardylar.
Ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we şu ýyl tamamlaýan uçurymlary saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige ugrukdyrmak, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem saz sungatyna höwesli zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşyjylar düzgünnamada görkezilen şertler boýunça çykyş etdiler. Olaryň çykyşlaryna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlaryndan ybarat bolan eminler baha berdiler.