Tölegiň döwrebap görnüşleri

3 Maý 2024
1069

Häzirki wagtda bank işini kämilleşdirmäge, bu ulgama döwrebap halkara ülňüleri ornaşdyrmaga, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri we banklary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň çäklerinde ykdysadyýetimiziň bank ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, şol sanda töleg kartlarynyň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmaga hem möhüm ähmiýet berilýär.

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, milli töleg ulgamynyň işini dünýä ülňülerine laýyk guramak, sanly bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, pul-karz dolanyşygyny düzgünleşdirmek arkaly müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurlar ilatyň wagtlaýyn peýdalanmaýan süýşürintgilerini möhletli we talap edilýänçä görnüşli bank goýumlaryna çekmegi, elektron resminama dolanyşygynyň we elektron şahsyýetnamalar ulgamynyň gerimini artdyrmagy, elektron senagaty döretmegi, sanly aragatnaşygyň ösüş derejesi boýunça şäher we oba ýaşaýjylarynyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Arazmyrat NAZAROW,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.