Golaýda Fransiýanyň paýtagty Parižde ÝUNESKO-nyň we TÜRKSOÝ-yň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda, halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary jebisleşdirmekde nobatdaky ädim boldy. Iri halkara guramalary tarapyndan taýýarlanan çäreleriň çäklerinde guralan «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýan, ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklar, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.
Bilelikdäki türkmen-fransuz arheologik toparynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler şeýle medeni gatnaşyklaryň barha giňemeginiň halklaryň ýakynlaşmagyna we medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýändigini nygtadylar. Geçen ýyllarda bilelikdäki arheologik topary tarapyndan taryhy ýerlerde geçirilen ylmy-gözleg işleriniň netijeleri barada-da durlup geçildi.