1-nji maýda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedowyň şahsy sergisi guraldy. Sergide halypa nakgaşyň oba durmuşyna, ahalteke bedewlerimize bagyşlap döreden «Toýa barýarys», «Erek dagy», «Sekizýap», «Güneşli peýzaž», «Meniň ýaşlyk döwrüm», «Meleguş», «Polatly», «Ýanardag», «Garader», «Oýunçy we Pyýada» ýaly köpleriň söýgüsini gazanan eserleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle-de bu ýerde onuň öz dostlary kompozitor Nury Halmämmedowyň, şahyr Gurbannazar Ezizowyň ýagty ýadygärligine bagyşlan eseri görkezilýär.