Baharyň bolmajysy bolýan döwri gojaman Köpetdagyň belent gerişlerindäki gunduz kimin ak garlara seretmezden, seni dag eteklerine, sähra düzlerine seýrana çagyrýar. Ösümlikleriň, gyş ukusyndan oýanan mör-möjejikleriň, öz dillerinde saýraşýan guşlaryň ýaz paslynyň jana şypaly howasyndan kuwwatlanýan döwri.
Baharyň günbatardan ösýän mymyk şemalyna ygşyldap, tolkun atýan, ak, gyrmyzy, sary gülleri, burk urýan ysyny dumly-duşa ýaýradyp, seriňi joşdurýan bolsa, gülden-güle uçup-gonup ýören erkana kebelekler, saýraşýan guşlaryň owazlary üýtgeşik bir joşguny — şatlyk duýgusyny oýaryp, durşy bilen kalbyňa siňip gidýär. Gözbaşyny dagyň belent gerişlerinden alan çeşmeleriň şildiräp akýan täsin owazy-da, göwünleri galkyndyrýar. Arykdan akýan durna göz suwuň yzgaryndan nem alan topragyň ysy burk urýar. «Toprak — ene, suw — ata» diýilmeginiňem özüne ýeterlik manysy bar bolmaga çemeli. «Dogrudyr, toprak mes bolany bilenem, suw bolmasa, hasyl alyp bilmersiň» diýip, öz-özüňe teselli berersiň.