Hormatly Prezidentimiziň köpşahaly we möhüm ähmiýetli howpsuz halkara ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän taslamalar milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Geçen ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.
2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirilipdi. Döwletimiziň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilendigini bellemek möhümdir. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Geçen ýylyň 3-4-nji maýynda 40-dan gowrak döwletden wekilleriň gatnaşmaklarynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahatyň, şeýle-de geçen aýyň 15-19-y aralygynda bolsa Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demirýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi hem ýurdumyzyň bu ugurdaky işleriniň ilerleýändigini görkezýär. Şu maslahatlaryň çäginde özara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen duşuşyklaryň 100-e golaýy geçirildi. Möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Häzirki wagtda sanly ulgama geçmek we söwda akymlaryny işjeňleşdirmek üçin «Bir penjire» ulgamyny işjeň ornaşdyrmaklyk alnyp barylýar. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesi boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi hem sebitiň ähli döwletleriniň üns merkezinde saklanýar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga ýardam berer. Deňze çykalgasy bolan ýurdumyz Hazarüsti halkara gatnaw ýollaryna hem işjeň goşulyşýar. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurulmagy iki ýurduň arasyndaky ulag, söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýük dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder. Geljekde Türkmenistany, Eýrany, Yragy, Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi hem işe giriziler. Aşgabat — Türkmenabat we Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Bu taslamalar ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyrmaga we ulag akymlarynyň ygtybarly, bökdençsiz ugruny işe girizmäge mümkinçilik berer. Diýarymyzyň Gündogar sebitini onuň merkezi we Günbatar sebiti bilen birleşdirýän ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň işe girizilmegi goňşy Özbegistanyň ýük awtoulaglarynyň Hazar deňziniň kenaryndaky Halkara deňiz portuna, ondan aňryk deňiz ýollary arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykmagyny üpjün eder. Bularyň hemmesi Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça alyp barýan işleriniň oňyn netijelerine güwä geçýär. Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň dünýä ýüzünde uly goldawa eýe bolmagy hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny tassyklaýar. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz bu gadymy ýoluň dünýädäki taryhy ähmiýetini gaýtadan dikeltmek bilen dünýä bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary depginde ösmegine tarap barýan ýoly has berkidýär. Bu bolsa türkmen işewürleriniň dünýä bazaryndaky orunlarynyň giňelmegine hem aýgytly täsirini ýetirer.