Beden we ruhy sazlaşygyň heamaýatçysy

1 Maý 2024
1047

Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, jemgyýetimize ornaşdyrmak işleri giň gerim alýar. Raýatlarymyzy köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmäge, ösüp gelýän ýaş nesli sporta we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen işler bu gün tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Sport bilen köpçülikleýin meşgul bolmak berkarar Watanymyzda mizemez ýörelgä öwrülýär. Diýmek, sport tutuş Diýarymyzy gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolan sagdynlygyň, ruhubelentligiň berk binýadydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän sport mekdepleridir stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary açylyp ulanmaga berildi. 

Sport ýagşylygy, ynsanperwerligi ýaýradyjy, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryjy serişde bolup, adamyň intellektual ösüşine, ýaşaýşyna goltgy berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport ulgamyna işjeňlik mahsusdyr. Ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagyna, ilatyň saglygynyň ygtybarly goralmagyna uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Mahym Şamyradowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.